Howa maglumaty hyzmatlaryny üpjün ediji hökmünde The Weather Channel
Salam! The Weather Channel weather.com websaýtynyň, The Weather Channel mobil programmasynyň we başga howa dahylly programmalaryň eýesi bolup durýar hem-de olary neşir edýär. Emma, The Weather Channel käwagt öz websaýtlarynda, mobil programmalarynda we beýleki programmalarda size howa maglumatyny görkezýän beýleki kompaniýalara howa maglumatyny üpjün edýär. Bu sahypada şeýle belli ýagdaýlarda maglumatlaryňyzyň The Weather Channel tarapyndan nähili ulanylýandygy düşündirilýär. Şahsy maglumatlaryň başga kompaniýanyň websaýty, mobil programmasy ýa-da başga programma tarapyndan ýygnalyşy, ulanylyşy we/ýa-da paýlaşylyşy barada ähli başga soraglar üçin şol kompaniýanyň gizlinlik syýasatyny gözden geçiriň.
Eger zerur ýerleşiş maglumatlary bize poçta indeksleri, şäherleriň atlary ýa-da geografik kodlar (meridian/parallel) ýaly mälim formatlarda berlen bolsa, The Weather Channel maglumat paýlaýyş ulgamlary degişli ýerleşiş üçin howa maglumatyny awtomatik usulda üpjün edip bilýär. Ýerleşiş maglumatlary siziň ulanýan programmaňyz tarapyndan awtomaik usulda bize berlip bilner ýa-da beýleki kompaniýanyň öz websaýtyny ýa-da programmasyny nähili dizaýn edendigine baglylykda gözleg meýdançastna ýerleşişiň adyny ýazyp we saýlap bilersiňiz. Iki usulda hem The Weather Channel ýerleşiş maglumatlaryny diňe şol ýerleşişe degişli howa maglumatyny size üpjün etmek maksady bilen ulanar. (Ýadyňyzda saklaň, bu beýleki kompaniýanyň siziň ýerleşiş maglumatlaryňyzy başga maksatlar bilen ulanmajakdygyny aňlatmaýar, şol sebäpli goşmaça maglumat üçin beýleki kompaniýanyň gizlinlik syýasatyna göz aýlaň.) Zerur halatlarda siziň ulanýan operasiýa ulgamyňyz (OU), brauzeriňiz ýa-da mobil programmaňyz ýerleşiş maglumatlaryňyzy ulanmak üçin sizden rugsat sorap ýa-da ýerleşiş maglumatlaryňyzyň ulanylýandygy barada duýduryş görkezip biler. Bularyň haýsysynyň boljakdygy siziň ulanýan operasiýa ulgamyňyza, brauzeriňize ýa-da programmaňyza, şeýle hem siziň ozal rugsat berip-bermändigiňize ýa-da duýduryşy öň görüp-görmändigiňize bagly bolup durýar. The Weather Channel siziň ulanýan operasiýa ulgamyňyza, brauzeriňize ýa-da programmaňyza eýeçilik etmeýär, şol sebäpli siziň ýerleşiş maglumatlaryňyzy ulanmak barada duýduryşy haçan aljakdygyňyzy ýa-da rugsadyň soraljakdygyny ýa-da haçan soraljakdygyny dolandyryp bilmeýäris.
Edil adamlaryň poçta salgysy bolmazdan biri-birine hat ugradyp bilmeýşi ýaly, internetdäki enjamlar hem IP salgysy bolmazdan habarlaşyp bilmeýärler. Şol sebäpli beýleki kompaniýanyň websaýty ýa-da programmasy biziň tarapymyzdan siziň enjamyňyza howa maglumatynyň üpjün edilmegi üçin IP salgysyny ulanýar. Beýleki kompaniýa siziň enjamyňyza şol wagt bellenen IP salgysyny ýa-da özleriniň içerki ulgamlary üçin bellenen IP salgysyny ulanmak arkaly The Weather Channel bilen habarlaşyp biler. Iki usulda hem The Weather Channel IP salgysyny diňe size howa maglumatyny üpjün etmek maksady bilen ulanar.
Belki sizde şeýle pikir döreýändir: "The Weather Channel Gizlinlik syýasaty haçan maňa degişli bolýar?" The Weather Channel Gizlinlik syýasaty diňe haçan-da bir ulanyjy The Weather Channel tarapyndan neşir edilýän ýa-da onuň eýeçiligindäki websaýta, mobil programma ýa-da başga programma gireninde degişli bolýar.